Ýewropa Bilelişiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň wekilleri we meýletinçileri bilen duşuşdy. Duşuşyk diýseň täsirli geçdi. Ilçi Ýewropa Bilelişigi bilen Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini hem-de TGÝMJ-ti öz işini GHGÝHH-niň ýedi sany esasy ýörelegelerine laýyklykda alyp barýan jemgyýetçilik guramagyny belledi. Duşuşykdan soň ilçi, BWB-niň wekilleri we meýletinçileri bilen bilelikde dostlugyň nyşany hökmünde bag nahallaryny ekdiler.