2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi (UNDRR) we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF), Goranmak ministrligi we bilen birlikde Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň Halkara güni mynasybetli çärä gatnaşdy. Türkmenistanda tebigy betbagtçylyklary azaltmak we 2015-2030-njy ýyllarda Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak (TBTA) boýunça 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada geçen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda kabul edilen “Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny” (SÇM) işjeň durmuşa geçirmek boýunça öňegidişligiň gazanylanlygyny bellemek üçin baýramçylyk çäresini geçirdi.
Çärä adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, halkara we jemgyýetçilik guramalary, şeýle-de Türkmenistanyň bu ugurda gazananlaryny, adatdan daşary ýagdaýlara onuň taýýarlygyny, şeýle-de tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça gazanylan ösüşi görkezmek üçin ýaşlar gatnaşdylar. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen pajygaly ýer titremesiniň pidalaryny ýatlap we öňünden duýduryş ulgamlarynyň wajyplygyny nygtaýan çykyşlar geçirildi. Çäre “Durnuklylygyň aýdymy” atly bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmegindäki aýdymlar bilen tamamlandy.