2022-nji ýylyň 3-7-nji oktýabry aralygynda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça Halkara bäsleşiginde türkmenistanly talyplar 1-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşik Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy we Moldowa boýunça sebitleýin wekilhanasy tarapyndan gurnaldy we Moskwa şäherinde geçirildi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Gurbanow Döwlet, halkara jemagat hukugy hünäriniň 4-nji ýyl talyby, Geldyýewa Zöhre, halkara hususy hukugy hünäriniň 4-nji ýyl talyby, Nowruz Nurberdiýew, halkara jemagat hünäriniň 3-nji ýyl talyby, dagylardan ybarat bolan topar halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, bäsleşigiň netijelerine laýyklykda 1-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşige jemi GDA-nyň 7 döwletinden 21 sany ýokary okuw jaýy, hususan-da Russiýa Federasiýasyndan 12 sany, Belarus Respublikasyndan 4 sany, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Türkmenistandan 1 sany ýokary okuw jaýlarynyň talyplar toparlary gatnaşdylar. Türkmen talyplaryny bäsleşige taýýarlan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Wekil Wekilow.
Türkmen talyplarynyň bu ýeňşi 1997-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu halkara bäsleşikde diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem Merkezi Aziýa döwletleriniň taryhynda hem ilkinji gezek bolup durýar. Bäsleşigiň dowamynda türkmen ýaşlary Türkmenistanda berilýän ýokary hilli bilimiň miwesini görkezdiler, olar halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça özleriniň alan bilimlerini tejribede görkezdiler we emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldular.