BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri meýletinçiler bilen bilelikde TGÝMJ-niň merkezi edarasynda ‘’Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy’’ çäresini geçirdiler.Çäraniň dowamynda meýletinçilere TGÝM jemgyýetiniň işgärleri tarapyndan ‘’Ýol hereketiniň düzgünleri’’,’’Saglygym-baş baýlygym’’, “Lukmana çenli ilkinji kömek ” boýunça wideo ýazgylary görkezildi. Soňra TGÝMJ-niň merkezi edarasynyň işgärleri tarapyndan meýletiçelere adatdan daşary ýagdaýlarda özüni dogry dolandyrmagyň we lukmana çenli ilkinji kömegi bermegiň düzgünleri hereket üsti bilen düşündirildi. Çäräniň soňunda TGÝMJ-niň işgärlerine meyletiçileri tarapyndan geçirilen çäresi üçin minnetdarlyk bildirildi.

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
12321803
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
16019
22287
171533
515549
12321803

Siziň IP: 3.233.221.90
2023-12-10