BAŞ SAHYPA

09.08.2022: TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleri Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri bilen bilelikde, “Bagtyýar nesil” çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi dolandyrmak” boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň çäklerinde öňüni alyş we taýýarlyk görüş işlerine bagyşlandy. TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň hünärmenleri çagalara adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi barada düşündiriş işlerini geçirdiler. Çagalar toparlaryň arasynda tiz we dogry çadyr gurmak boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşiginiň soňunda ähli çagalara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
6154587
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1396
1562
8729
51062
6154587

Siziň IP: 35.175.107.185
2022-12-08