Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan, Türkmenbaşy etrabynyň merkezi kitaphanasynda okyjylaryň arasynda “Arkadagyň şygarlary dillermize dessandyr” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim hem-de çeper döredijilik bilen meşgullanmaklaryna giň ýol açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýazan kitaplary ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar diýip bellap geçdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda alyp barýan tutumly işleri üçin çärä gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.