2022-nji ýylyň iýul aýynyň 20-ne, TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri we meýletinçileri tarapyndan Türkmenistanyň Içeri Işleri Ministrliginiň wekilleri bilen bilelikde “Bagtyýarlyk” çagalary dynç alyş we sagaladyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräň dowamynda işgärler we meýletinçiler tarapyndan “Gün urma”, “Howpsuz zolaklarda suwa düşmeklik”, “Gigiýenanyň düzgünleri” we “Sanitariýa” atly mowzuklar barada aýdylyp geçildi. Çäräň dowamynda TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri we meýletinçileri tarapyndan “Gigiýena” we “Sanitariýa” atly mowzuga degişlilikde gatnaşan çagalaryň ählisine sanitar toplumlary paýlanyldy.