2022-nji ýylyň iyul aýynyň 04-05-i aralygynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň (UNFPA,UNICEF,IOM) gurnamagynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti gatnaşmagynda “Global pandemiýa bilen baglanşykly köp ölçegli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin düşünjeligi ýokarlandyrmak we ýaşlary çekmek” ady bilen okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda gatnaşyjylara sorag-jogaplar alyşylyp, prezintasiýalaryň görkezilmegi çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda ähli gatnaşajylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.