BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

BAŞ SAHYPA

Häzirki wagtda salkyn Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomus dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry dowam edýär, bu ýerde çagalaryň  güýmenmegi üçin köp gurnaklar hereket edýar. 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 30-na Gökdere jülgesinde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi "Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemýyýeti bilen bilelikde "Bagtyýar çagalyk" atly çäre guraldy.

Oňa Gökderedäki "Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri"  sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar toparlary gatnaşdy. Çäräniň soňunda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemjyýeti tarapyndan ähli çagalara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
6837314
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
19811
24448
465782
131460
6837314

Siziň IP: 3.236.209.138
2023-03-25