BAŞ SAHYPA

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek işinde uly üstünlikleri gazanandygyny ynamly aýtmak bolar.

 Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleriň ulgamy hereket edýär, ösüp gelýän ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegi we bilim almagy, olaryň boş wagtlaryny gyzykly, peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi, degişli hukuk binýady kemala geldi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ugurdaş özgertmeler we maksatnamalar, şol sanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly strategiýa bu ugurdaky öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri  Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli  baýramçylyk  çäresini  Aşgabat  säherinde  çagalaryň  gatnaşmagynda  uly dabara bilen belläp  geçdiler.  Çagalar eziz Watanymyzy —  wasp edýän goşgulary,  aýdymlary  aýtdylar. Çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar, geljege ynamly garaýarlar, olaryň arzuwlary hasyl bolýar.

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Awgust 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 31 1 2 3 4
5979869
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1310
876
38171
79102
5979869

Siziň IP: 44.200.175.255
2022-08-18