BAŞ SAHYPA

    Ewropanyň we Merkezi Aziýanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň gatnaşmagynda dört ýyllyk Ýewropa Sebiti boýunça konferensiýasy Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçirildi.
    11-nji Ýewropa Sebiti boýunça konferensiýasy, 4 ýyldan soň Gruziýanyň paýtagty Tbiliside "Bilelikde güýçli" şygary bilen 53 milli jemgyýeti jemledi. Maslahat 26-njy aprelde başlap, 28-nji aprelde 3 gün dowam etdi. Tbiliside 46 milli jemgyýeti we 7 milli jemgyýeti onlaýn birleşdirýän bu ýygnaga Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Federasiýasynyň wise-prezidenti Doktor Kerem Kinik ýolbaşçylyk etdi.
    Sebitleýin we dünýä derejesinde bolup geçýän çökgünlik we Milli jemgyýetleriň ynsanperwer zerurlyklary nädip çözýändigi, şeýle hem kömek etmegiň usullaryny we ony çuňňur seljermek maslahatyň esasy temasydyr. Hususan-da, migrasiýa we bosgunlar meseleleri.
   Howanyň üýtgemeginiň ynsanperwer guramalaryň üns bermeli ugurlarynyň biridir.Howanyň üýtgemegi biziň ýüzbe-ýüz bolýan ýene bir möhüm meselämizdir. Howanyň aşa gyzmagy, şol sanda guraklyk ýygy-ýygydan dowam etmegi, suw joşmalary we güýçli ýeliň bolmagy weýrançylyklara sebäp bolýar. Howanyň üýtgemegi diňe geljek nesiller üçin howp däl. Häzirki wagtda hemmämiziň durmuşymyza täsir edýär. Şeýle uly göwrümli, sebitleýin we global meseleleri çözmek üçin bilelikde we utgaşdyrylan görnüşde işlemeli. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem onlaýn görnüşde gatnaşdy we bu boýunça işlerini dowam etdirerler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2022
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
5857647
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
901
2239
62718
57756
5857647

Siziň IP: 34.239.167.149
2022-06-29