Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe her günümiz toýdur baýramlara baý. Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär. Biziň üçin uly ähmiýeti bolan şeýle baýramlaryň biri hem Nowruzdur.
   Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar, taş-töwerek gözel görke gelýär. Bu pasyl ynsanyň göwün guşuny ganatlandyrýar, ýaşaýşa bolan söýgüsini artdyrýar. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, biziň üçin iň naýbaşy hasaplanylýan baýramçylyklarymyzam şu pasylda bellenilýär. Nowruz diýenimizde-de täzeleniş , täze görnüş göz öňümize gelýär. Tebigatyň janlanýan paslynda daş-töwerege täzelenişi alyp gelýän bu baýramçylygyň baharda bellenilmegi ýönelige däl.
   Nowruz baýramy türkmen halkymyz tarapyndan uly dabara bilen bellenilýär. Ähli ýerde toý gazanlary atarylýar, naz-nygmatdan doly saçaklar giňden ýazylýar. Her kim özüniň täze tikinen egin-eşigini geýip, dogan-garyndaşynyka, dost-ýarynyňka, tanyş-bilişiniňkä görme-görşe barýar. Hemmeler biri-birini baýramçylyk bilen gutlaýar. Nowruz baýramçylygyna watandaşlarymyz zähmet üstünlikleri, toý serpaýlary bilen gelýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde bu baýram mynasybetli aýdym-sazlar ýaňlanyp,dabaradyr çäreler guralýar.
   Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýiniň agzybir igärleri tarapyndan “Nowruz geldi – Arkadagly Watana” ady bilen geçirildi.
Çäräniň başynda Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy. Bahar paslynyň gözelligi, al-elwan güllere gark bolup oturan türkmen tebigatynyň ajaýyplygy, owadanlygy gelin-  gyzlarymyz tarapyndan çitimlere salynan nepis halylara syn edildi.
    Soňra bolsa çärä gatnaşyjylar tarapyndan Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni, döwrümiziň gözellikleri barada gyzykly gürrüňler berildi.
Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan, eşretli zamanany peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç alsyn! Toýlarymyz toýlara ulaşsyn!