Habarlar

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we başlangyçlary bilen eziz Diýarymyzda jemgyýetçilik we ýurt durmuşynyň ähli ugurlarynda netijeli işler amala aşyrylýar. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi 2020-nji ýylyň 04-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň sport toplumynda Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döredilen gününiň 157 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşi, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde, Daşoguz şäheriniň 15-nji we 24-nji mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi dolandyrmak” boýunça bäsleşik geçirildi. Okuwçylar betbagtçylyklara tiz we çalt seselenmek (gaçbatalga, çadyr gurmak, ýangyn söndüriji enjamlary doly we dogry ulanmaklyk) boýunça bäsleşdiler hem-de toparlar adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi we şikes alan adamlara nahili dogry kömek berilmelidigi barada görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Bu bäsleşik okuwçylaryň adatdan daşary ýagdaýlara garşy çäreleri taýýarlamakda we dolandyrmakda öz endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi.
    Soňra çäre, Daşoguz welaýatyň ýaşlarynyň arasynda sportuň welosiped görnüşi boýunça birinjiligi ugrundaky ýaryş bilen dowam etdiridi. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi has buýsandyryjydyr. Ýaryşyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda TMÝG-nyň Daşoguz welaýat geňeşi we TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Iyun 2020
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
3660622
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1569
1583
66914
92988
3660622

Siziň IP: 34.204.176.125
2020-05-31