Habarlar

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretini görüp, ak arzuwlar bilen başlanan ,,Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylymyz-da ümzükleri öňe bolan ýaş nesilleriň watana, halkyna wepaly bolup, zähmeti, topragy söýmegi, döwrebap bilim almagy, ylym dünýäsine aralaşmagy her bir işde ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilendir. Bu eşretiň arkasynda Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän uly aladalary durandyr. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegi üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri hem, çagalar baglarynda çagalaryň, mekdeplerde okuwçylaryň, mugallymlaryň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, ýörite orta mekdeplerde okaýan talyplaryň arasynda ,,TGÝMJ-niň döreýşi we alyp barýan ynsanperwer işleri“, ,,Meýletinçileri çekmek we meýletinçiligi ösdürmek“, ,, Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda lukmandan deslapky ilkinji kömegini bermek“, ,,Meýletinçiler bilen birlikde ýeke ýaşaýan, el kömegine mätäç garrylara, maýyplara kömek bermek” atly wagyz-nesihat okuw sapaklary geçirilýär. Höwesjeň meýletinçilerimiz hemaýata mätäç adamlara ýardam bermek arkaly özleriniň ynsanperwerlik duýgularyny ýüze çykarmak bilen, hoşniýetli hyzmatlaryny meýletin ýerine ýetirýärler. Bu bolsa, öz gezeginde ýaşlarda jemgyýet üçin wajyp häsiýetler bolan, regimdarlygy we duýgudaşlygy osdürmäge ýardam berýär. 

 

 

Iyun 2020
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
3660644
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11
1580
11
66925
3660644

Siziň IP: 34.204.176.125
2020-06-01