Habarlar

     Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň esasgoýujysy Anri Dýunanyň doglan güni myhasybetli her ýyl 8-nji maý güni Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň Halkara güni diýlip ykrar edilen. Bütin dünýäde bu gün, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň adam janyny goramaga gönükdirilen ynsanperwerlik işiniň ähmiýeti ýene-de bir gezek bellenip geçilýär.
     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem, bu gün 8-nji maý Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň Halkara güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige gönükdirilen sport çäresini geçirdi. Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara nebit gaz uniwersitetinde sportuň basketbol, boks, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt görnüşleri boýunça TGÝMJ-niň meýletinçileriniň we talyplaryň arasynda ýaryş geçirildi. Ýaryşlaryň jemini jemlemek üçin geçirilen ýygnakda, TGÝMJ-niň hünärmenleri 8-nji maý senesi boýunça talyplara gişiňleýin gürrüň berdiler. Şeýlede, sportuň basketbol görnüşi boýunça ýeňiji topara TGÝMJ-niň göçme kubogy gowşuryldy. Sortuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine TGÝMJ-niň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Iyun 2020
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
3660602
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1549
1583
66894
92988
3660602

Siziň IP: 34.204.176.125
2020-05-31