Habarlar

     Golaýda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçiler topary ýörite okuw geçirdi. Mälim bolşy ýaly, bu meýletinçiler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarydyr. Olar bu jemgyýet bilen bilelikde ähmiýetli düşündiriş çärelerini alyp barýarlar we asylly işleri durmuşa geçirýärler.
     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň tagallasy bilen guralan bu okuwda meýletinçiler Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryna sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etdiler. Nutuklar diňlenilip, olarda hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, köpçülikleýin ýerlerde we tutuş ýurdumyzda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine berk gözegçiligi ýola goýmak baradaky aýdanlaryna giňişleýin düşündirişler berildi.
     Mälim bolşy ýaly, bahar paslynyň dowam edýän günlerinde tebigatyň jana girmegi bilen ynsan synasy bilen bagly dürli sökellikleriň döremek mümkinçiligi barha artýar. Adamlaryň ýokanç kesellerden we dümewden goranmagy baradaky düşündiriş işlerine bagyşlanan bu okuw diýseň netijeli we täsirli geçdi. Meýletinçiler okuwa gatnaşyjylar bilen sowal-jogap alyşdylar.
Ýeri gelende, geljekki nebit-gaz ulgamynyň hünärmenleri boljak talyplaram öz işjeňligini görkezdiler. Olar sportuň we bedenterbiýäniň, arassa howada gezelenç etmegiň ynsan saglygyna berýän peýdasy barada yzygiderli tekrarlaýan Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerinden ruhlanyp, ýygy-ýygydan sport ýaryşlaryna gatnaşyp durýandyklaryny hem bellediler.
      Mahlasy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan möhüm ähmiýetli çäreleriň çäklerinde geçirilen bu okuw, oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

 

Iyun 2020
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
3660637
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4
1580
4
66925
3660637

Siziň IP: 34.204.176.125
2020-06-01