Habarlar

     Sport bilen meşgullanmagyň saglyga, ruhubelentlige, bir söz bilen aýdylanda ähli taraplaýyn kämilleşmäge itergi berýändigini bilýän ýaşlar bu gün sporty dost tutunýarlar. Sport bilen meşgullanmak arkaly sagdyn jemgyýet gurup boljakdygy, sagdyn jemgyýetiň üstünliklere ynamly gadam goýup, kuwwatly döwleti emele getirjekdigi bu günki günüň ykrar edilen durmuş hakykatydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi hem “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy mynasybetli 2020-nji ýylyň 03-nji Aprelinde Daşoguz şäheriniň Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde ýaşlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryşy geçirdi. Bu ýaryş örän gyzgalaňly we çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň ýeňijilerine welaýat bölümi tarapyndan höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy. Ýurdumyzda ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygy, sporta we bedenterbiýäni ösdürmek barada edýän atalyk aladalarynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Iyun 2020
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
3660499
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1446
1583
66791
92988
3660499

Siziň IP: 34.204.176.125
2020-05-31