Habarlar

     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda meýletinçiler muzeýiň sergi zalynda ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleri şöhratly taryhymyz, buýsançly geçmişimiz barada we muzeý gymmatlyklary barada täsirli gürrüň berdiler. Gezelenç ýaş meýletinçilerde watançylyk duýgusyny berkitmekde has uly ähmiýete eýe boldy. Welaýatyň çäginde ýerleşýän taryhy arheologik ýadygärlikler we şol ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklar gezelenje gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ata-babalarymyzdan miras galan milli mirasymyzy öwrenmäge we olar bilen ýakyndan tanyşmaga döredip berýän mümkimçilikleri üçin, meýletinçiler hem-de muzeý işgärleri Hormatly Prezidentimize sag bolsun aýtdylar.



Iyun 2020
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
3660485
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1432
1583
66777
92988
3660485

Siziň IP: 34.204.176.125
2020-05-31