Habarlar

      Bahar paslynyň ilkinji günlerinde biziň ýurdumyzda Halkara Zenanlar güni uly dabara bilen bellenýär, türkmen iliniň ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenýän çykyşlar ýaýbaňlanýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan hem dürli edara-kärhanalarda işgärleriň, ýokary okuw jaýlarynda talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň arasynda çykyşlar gurnaldy, zenanlaryň arasynda sport bäsleşikleri geçirildi, gelin-gyzlara bagyşlanan dürli medeni çäreler gurnaldy. Bu çärelerde TGÝMJ-niň işgärleri bilen bilelikde kümüş saçly eneler, öňdebaryjy zenanlar, lukmanlar, mugallymlar, sungat işgärleri hem gatnaşdylar. Talyp we okuwçy gyzlaryň arasynda türkmen halkynyň däp-dessurlary, türkmen gyz-gelinleriň edep- ekramy barada gürrüňdeşlikler gurnalyp, bu babatda ýaşlaryň soraglaryna jogap berildi. Lukamanlaryň çykyşy ýaş gelin-gyzlar tarapyndan uly üns bilen diňlendi.
     Çärelere gatnaşan zenanlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda asuda asmanyň astynda okamaga we işlemäge döredip berýän çäksiz mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza uly minnetdarlygyny bildirdiler.

 

Iyun 2020
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
3660475
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1422
1583
66767
92988
3660475

Siziň IP: 34.204.176.125
2020-05-31