Türkmen halky sagdyn bedenli, arassa ahlakly, edep-ekramly nesilleri terbiýelemekde ýörelgeleri, öwüt-ündewleri, maşgala gymmatlyklary döredipdir. Maşgalada çaganyň terbiýelemekde, zenan maşgala esasy orun berlipdir.
    Bu gün Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eneligi we çagalygy durmuş taýdan goldamak babatdaky wezipeler kesgitlendi. Munuň özi, mümkin bolan ýeňillikli ulgamy, şol sanda zenanlaryň üç, dört, bäş we ondan köp çaga dogurmaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen 15 ýaşa çenli çagalara lukmançylyk hyzmatyny mugt ýola goýulmagyny, kömek, pullarynyň möçberleriniň her ýyl artdyrylmagyndan ybaratdyr. Çaga ilkinji üç ýaşynda terbiýäniň uly ähmiýetiniň bardygyny nazara alyp, ýurdumyzda enelere iş ýerinden çaga seretmek üçin üç ýyl möhletli iş ýeriniň saklanmagy bilen ýörite rugsada çykmaga hukuk berilýär.
    Şol sanda, çagany terbiýelemekde mekdebe çenli çagalar bagynyň terbiýeçileriniň we mekdep mugallymlarynyň hem uly goşandy bardyr.
2020-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Baş direktorynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň gatnaşmagynda Aşgabat şaheriniň Köpetdag, Berkararlyk, Bagtyýarlyk we Büzmeýin etraplarynda çagalar baglarynyň we mekdep müdirleriniň arasynda maslahatlar geçirildi. Maslahatlarda çagalar bagynda we mekdeplerde ösüp gelýän nesillere watansöýjülik, rehimdarlyk, ata-enä sylag-hormat goýmak ýaly häsiýetleri terbiýelemekde, çagalara edep-ekram öwretmekde terbiýeçileriň we mugallymlaryň öz şahsy göreldelerini görkezmekleri has terbiýeçilik täsiriniň bardygy aýratyn belläp geçildi.