BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



     2020-nji ýylyň 06-njy fewralynda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan harby gullukçylarynyň we esgerleriniň arasynda “Ýokanç we ýokanç däl keseller” barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Welaýat bölüminiň hünärmenleri ýokanç we ýokanç däl keselleriň görnüşleri, olaryň alamatlary we öňüni alyş çäreleri barada gürrüň berdiler.  Çärede, ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda geçirilýändigi, şol sanda çagalara tölegsiz esasyda ýokanç keselleriň  11-ne garşy sanjymlaryň edilýändigi barada aýratyn durlup geçildi. Diňleýjiler bilen, ýurdumyzda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça döwlet derejesinde giň gerimli we netijeli öňüni alyş çäreleri geçirilýändigi we bu keselleriň irki döwürde ýüze çykarylyp bejergi geçirilende adamlaryň saglygyny gysga wagtda dikeldip bolýandygy babatda söhbetdeşlik gurnaldy. Çäräniň ahyrynda welaýat bölüminiň hünärmenleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistan, saglygy goraýyş ulgamynda ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda dünýäniň köp ýurtlary üçin nusga bolup durýandygyny, raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, amatly ýaşaýyş hem-de zähmet şertlerini döretmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we daşky gurşawy goramak ýaly döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň çözgüdine giň möçberli işler gönükdirilýändigini belläp geçdiler.            

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
3732718
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
797
1543
21704
50381
3732718

Siziň IP: 3.236.8.46
2020-07-14
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi