TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň аdatdan daşary ýagdaýlarda dolandyrmak bölümçesiniň hünärmenleri welaýatyň edara guramalarynyň işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy hadysalar ýüze çykanda özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça okuw çärelerini yzygiderli geçirýärler. Esasan hem, möwsümleýin hadysalaryň ýagny, gar-ýagyşyň ýagmagy bilen ýüze çykyp biläýjek ýol-ulag hadysalaryndan seresap bolmak, öýlerde elektrik toguny we tebigy gazy dogry ulanmaklygyň düzgünlerini berjaý etmek, gerek bolan ýerinde lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini öwretmek ýaly işler ýola goýulan. Çäreleriň dowamynda gatnaşyjylaryň ählisine habar beriji neşir önümleri we gollanmalаry paýlanylyp berilýär.