BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



    Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ähli ulgamlar öz işlerini giň gerim bilen alyp barýarlar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem, ýyllyk meýilnamalaryny,  il-ýurt bähbitli işlerini ynsanperwerlik ýollary bilen durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlara belent maksatlara ýetmäge goltgy bermek, adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara taýýarlykly bolmagyň düzgünlerini öwretmeklik, lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň endikleri barada her bir raýatyň düşünjeli bolmagyny gazanmak, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, sport bilen meşgullanmak, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekene kömek bermek, Watan mukaddesliklerini gorap saklamak ýaly mowzuklar esasynda düzüp, guramamyzyň öňde goýan Tertipnamalaýyn wezipelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmegi maksat edinýär.
    Biziň Jemgyýetimizde hereket edýän Saglygy goraýyş we durmuş üpjünjilik bölümçesiniň hünärmenleri her bir işde bize görelde bolýän hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly ýaşlarymyzyň sagdyn, ruhybelent, watansöýüji nesil bolup ýetişmekleri üçin dürli jemgyýetçilik guramalary, häkimlikler, bilim ulgamy, saglyk ulgamy bilen ysnyşykly iş alyp barýarlar. Şu günlerde welaýatymyzyň orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda gyz paslynyň dowam etmegi bilen adam saglygyna zyýan ýetirip biläýjek esasanam ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynyň öňüni almak, bilim-terbiýe alýan ojaklarynda, ýaşaýan öýlerinde elektrik togunyň howpy barada, gar-ýagyşyň ýagmagy bilen ýüze çykyp biläýjek ýol-ulag hadysalaryndan seresap bolmak, ýol hereketiniň kadalaryny öwretmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça wagyz nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Ündew çärelerinden soň mowzuklar, kitapçalar paýlanyp berkidilýär.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
3732768
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
847
1543
21754
50381
3732768

Siziň IP: 3.236.8.46
2020-07-14
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi