Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ahal welaýat Baş müdürligi we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde sportyň kikboksing görnüşi boýunça ýaryş geçirdiler. Bu ýaryşa Ahal welaýatynyň etraplarynyň, şäherleriniň we Aşgabat şäheriniň türgenleri gatnaşdylar.
     Hormatly Prizidentimiziň ýaşlar barada edýän aladasyndan ugur  alyp, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň sport ussatlyklaryny artdyrmak, güýçli toparlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilýän ýaryş, sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi. Ýetginjeklerden düzlen toparlar bu ýaryşda ýeňiş gazanmak ugrunda doly derejede ukyp- başarnygyny görkezdiler.