BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



       TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri we Betbagtçylyklara tiz seslenmek toparynyň agzalary bilen bilelikde tebigy betbagtçylyklarda we adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli täsir etmegiň düzgünleri boýunça amaly-tejribe türgenleşigi geçirildi. Bu çäre adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň çäklerinde öňüni alyş we taýýarlyk görüş işlerine bagyşlandy, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ugrunda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam bermäge gönükdirildi.  Topar agzalary meýletinçilere adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi we şikes alan adamlara nahili dogry kömek berilmelidigi barada görkezme çykyşlary bilen düşündiriş  işlerini geçirdiler. Şol sanda, howplara baha bermekde, taýýarlygy we täsir etmegi üpjün etmekde, çäreleri işläp düzmekde we  adatdan daşary ýagdaýlara garşy çäreleri taýýarlamakda we dolandyrmakda meýletinçileriň endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döredildi. Bu amaly-tejribe türgenleşikleri tebigy betbagtçylyklary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmakda esas hökmünde kommunikasiýanyň ähmiýetini has aýdyň görkezdi.
    
  

 





ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
3182630
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1427
1083
34791
59306
3182630

Siziň IP: 3.93.75.242
2019-11-21
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi