BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



       Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky 1004 belgili Karary bilen tassyklanan, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek we adatdan daşary ýagdaýlarda heläkçilikleriň we betbagtçylyklaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek boýunça halas ediş toparlarynyň we edara kärhanalaryň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň özara sazlaşykly hereketlerini kämilleşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde ýörite maslahat we toplumlaýyn tälim türgenleşik okuwy geçirildi.  Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde 2019-njy ýylyň 22-23-nji oktýabrynda “Ýer titreme hadysasy bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň ýetirip biljek  zyýanlaryny peseltmek boýunça edara-kärhanalaryň we guramalaryň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň bilelikdäki hereketlerini ýola goýmak” atly maslahatynа we toplumlaýyn tälim türgenleşik okuwyna TGÝMJ-niň merkezi edarasynyň  hünärmenleri  we meýletinçileri hem gatnaşdylar. TGÝMJ-i tarapyndan adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda raýatlara ilkinji durmuş üpjünçiligi bolan iki adamlyk çadyrlar dikildi. ADÝ-da raýatlara Jemgyýet tarapyndan berilýän goldaw ýorgan, düşek, ýassyk,  aşhana we arassaçylyk toplumlary sergi görnüşinde görkezildi. Şeýle-de  türgenleşik meýdanynda TGÝMJ-niň halas ediji topary, ADÝ-da ejir çeken adamlary lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini ýörite taýýarlanan adamlarda görkezip, köpçüligiň ünsüni özüne çekdiler. 


ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
3182590
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1387
1083
34751
59306
3182590

Siziň IP: 3.93.75.242
2019-11-21
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi