BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



      2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýatynyň Polisiýa müdürliginiň Ýangyn Howpsyzlygy gullugy bilen bilelikde “Dürli görnüşli Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň kadalary” atly geçirilen okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw Maslahatynda TGÝMJ-niň Mary welaýat bölüminiň Adatdan daşary ýagdaýlarda dolandyrmak bölümçesiniň  hünärmenleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşynda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň her bir güni guwandyryjy wakalara beslenendigi we Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada aýratyn durup geçdiler. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem, öz gezeginde döwletiň ýakyndan kömekçisi hökmünde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk ugry boýunça saldamly işleri ýerine ýetirýär.  Maslahatyň dowamynda     Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýatynyň Polisiýa müdürliginiň Ýangyn Howpsyzlygy gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri hem çykyş edip, ýurdumyzda häzirki zaman iri desgalaryň gurluşygynda adam janynyň howpsuzlygy üçin ähli tehniki talaplaryň ýerine ýetirilýändigi, şol sanda ýangyn howpsuzlygy üçin degişli çäreleriň görülýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, ýangyn howpsuzlygy, ilkinji nobatda biziň her birimize baglydyr diýip, belläp geçdiler.
      Maslahata gatnaşyjyşlar asuda Watanymyzda okamak, işlemek üçin döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize uly alkyşlar aýtdylar.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
3182619
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1416
1083
34780
59306
3182619

Siziň IP: 3.93.75.242
2019-11-21
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi