BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



        2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri, Daşoguz şäheriniň saglyk öýüniň lukmany bilen bilelikde, Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Suw sanitariýasy” boýunça okuw çäresini geçirdiler. Çärede welaýat bölüminiň hünärmenleri we saglyk öýüniň lukmanlary çykyş edip, uly adamyň bedeniniň ortaça 70-80% suwdan durýandygy, şol sanda, şol sanda täze doglan çaganyň bedeninde 77% suwuň, 50 ýaşly adamyň bolsa 60% suw tutýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem tebigatda suw ýetmezçiligi sebäpli ösümlikler dünýäsiniň, haýwanlar dünýäsiniň aglabasynyň ýok bolmak howpunyň bardygy, onuň bolsa adamlaryň saglygyna ýetirjek  zyýany barada söhbetdeşlik gurnaldy.
        Adam günde 1,7 litre golaý suw içmelidigi we her günde tämizlenmek, iýmitlenmek üçin şonuň 20 essesinden köp suw gerek bolýandygy, diňe bir suwuň hapalanmagy munuň özi adam saglygyna we ähli janly zatlara zyýanly täsir edýändigi barada diňleýjilere düşündirildi.
        Saglyk öýüniň lukmany öz gezeginde, adam bedeninde suw ýeterlik bolsa, onda onuň özüni duýuşy gowy we saglygy berk bolýar, suwuň ýetmezçiligi bolsa adamda kelle agyry, gan basyşynyň ýokarlanmagy, böwrekleriň kemçiligi we bedene suw ýetmezçiligi bilen bagly dürli keselleriň ýüze çykyp biljegi barada jikme-jik durup geçildi.
         Okuw çäresiniň soňunda diňleýjiler, suwy aýawly saklamaklygyň özi-ömri, saglygy, daşky gurşawyň gözelligini saklamaklygyna göz ýetirdiler.