BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



       Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Oba hojalyk we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli milli özgertmeler ekologiýa ýagdaýy bilen berk bagly bolup, ähli ugurlarda adamlaryň abadan durmuşynyň aýrylmaz şerti bolup durýar.  
       Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Çagalaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy üçin olaryň habarlylygyny artdyrmak, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” taslamasynyň utgaşdyryjysy Guwanç Gadamow 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 11-den 13-i aralygynda taslamanyň iş meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işlere gözegçilik geçirmek maksady bilen, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminde 3 günlük iş saparynda boldy. Ady agzalan taslama Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy, Köneürgenç, Görogly, Gurbansoltan eje ad., S.A.Nyýazow ad. etraplarynda we Daşoguz şäherinde 2019-njy ýylyň aprel aýyndan bäri durmuşa geçirilýär. Taslamanyň utgaşdyryjysy, taslamanyň hereket edýän mekdeplerde mugallymlar, okuwçylar, ata-eneler we welaýat bölüminde degişli hyzmatdaşlary bilen duşuşyp, taslamanyň çäginde geçirilýän okuw sapaklaryň netijeleri barada ara alyp maslahatlaşyldy we gelejekde ýerine ýetirmeli işler boýunça pikir alyşyldy. Iş saparynyň dowamynda Daşoguz welaýatynda mekdepleriň 10-da döredilen “Ýaşyl mekdep” işçi toparlarynyň geçen döwürde ýerine ýetirilen işlerine gözegçilik geçirildi. Taslamanyň kömegi bilen bu mekdeplerde okuwçylar, daşky gurşawy aýawly saklamak meselelerine,  suwy we ekin ýerlerini rejeli peýdalanmak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, şeýle hem, dynç alyş ýerlerinde arassaçylyk kadalaryny ýola goýmak boýunça bilimlerine eýe boldular.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
3230620
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1122
1515
25125
57656
3230620

Siziň IP: 3.231.212.98
2019-12-12
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi