Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri   Gökderedäki “Beýik Serdaryň Ruhybelent nesilleri” çagalaryň dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda şowhunly, bäsleşikli çäre geçirdiler.
      Meýletinçiler, çagalara dynç alyşda bolup biläýjek ýönekeýje şikeslenmelerde ilkinji kömegi beremekligiň endiklerini oýunlaryň üsti bilen öwretdiler. Bu oýunda çagalar  kömek bermeklige örän erjel gatnaşdylar we tabşyrylan ýumuşlary dogry berjaý etmäge çalyşdylar. Çäräniň dowamynda dynç alyşdaky çagalar sport ýaryşyna hem gatnaşdylar. Çäräniň soňunda çagalara arassaçylyk, sagdyn iýmitlenmek boýunça habar beriş serişdeleri hem paýlandy.