Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçündir” diýen baş taglymaty Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işiniň ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen utgaşýar. Biziň Jemgyýetimiziň bu ugurdaky Strategiýasy, ilatyň saglygyny we ömrüni goramaga gönükdirlen durmuş üpjünçilik maksatnamalarynyň hilini we gerimini giňeltmegi göz öňüne tutýar.
     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň 2019-njy ýylyň iş meýilnamasyna laýklykda, welaýat bölümine girdeji getiriji çäreleriň sanyny artdyrmak maksady bilen, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň arasynda “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermekligiň endiklerini öwretmek” boýunça birnäçe tölegli okuw tapgyrlary geçirildi. Şeýle okuwlar “Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň, Daşoguz pagta egiriji fabriginiň işgärleriniň arasynda geçirildi. Okuwyň birinji gününde diňleýjilere nazaryýetde lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň maksatlary, olaryň düzgünleri, ejir çeken adama saglygy goraýyş işgärleri gelýänçä, onuň janyny halas etmek üçin ilkinji hereketler barada jikme jik durulyp geçildi. Okuw çäresiniň ikinji gününde gatnaşyjylar, öwrenen bilimlerini tejribede synap gördüler. Okuw çäresiniň soňunda synaglary üstünlikli tabşyran gatnaşyjylara güwänamalar gowşuryldy.