TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri Daşoguz welaýatynyň polisiýa Müdirliginiň ýangyn howpsyzlygy bölüminiň ýangyn tehniki merkeziniň muzeýine baryp gördüler. Ol ýerde  ýangyn howpsuzlygy  bölüminiň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşdylar. Bolup biljek adatdan daşary ýagdaýlarda ýangyn söndürijiler tarapyndan ulanylýan enjamlar bilen tanyşdylar. Hünärmenler, meýletinçilere, tebigy we tehnogen hadysalarda ilata kömek bermegiň düzgünlerini owredýän ýörite foto we wideo şekillerden peýdalanyp tanyşlyk sapagyny berdiler. Şeýle-de, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň degişli  hünärmenleri  adatdan daşary ýagdaýlaryň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek barada ýörite okuw sapagyny geçirdiler. Çärede, ýurdumyz boýunça Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda raýat goranyşyny üpjün etmek, olary bolup biläýjek tebigy we tehnogen hadysalaryň täsirinden goramak bilen bagly täsirli gürrüňler berdiler.