2019-njy ýylyň  31-nji iýulynda TGÝMJ-niň işgärleri Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde raýatsyzlyk boýunça Merkezi Aziýa torunyň her ýylky işjeň duşuşygyna gatnaşdylar.  Duşuşygyň dowamynda, BMG-nyň Ýokary Kommisarynyň Müdürliginiň bosgunlar boýunça hyzmatdaşlary sebitde öňdebaryjy tejribeleri, şol sanda bu ugurda Merkezi Aziýada ýetilen sepgitler  barada pikir alyşdylar.  
    Çärede, raýatsyzlyk boýunça Ýewropa torynyň wekili Allan Lis hem gatnaşdy. Ol toruň Ýewropadaky analogynyň işi barada gürrüň berdi we serişde ýygnamak boýunça okuw çäresini geçirdi.