BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



    Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda, biziň ýurdumyzda tebigy hadysalaryň ýüze çykmagynyň töwekgelçiliginiň öňüni almak boýunça ähli çäreler görülýär. Bu babatda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kanunçylyk boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) we Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan “Adatdan daşary ýagdaýlarda halkara kömegini bermek boýunça” Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek barada teklip berildi 2018-nji ýylda bu Kanunyň taslamasyny işläp düzmek boýunça işçi topar düzüldi. Taslama, degişli ministrliklere we edaralara, TGÝMJ-ne we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasyna (GHGÝHF) teklipler we bellikler üçin ýollandy.  Geçen döwürde, Kanunyň taslamasyna üýtgeşmeleri girizmek üçin işçi toparyň birnäçe ýygnaklary geçirildi.
     2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabat şäherinde GHGÝHF-nyň,  Türkmenistanyň Mejlisiniň we TGÝMJ-niň bilelikde gurnamagynda Adatdan Daşary ýagdaýlarda halkara kömegi bermekligiň kanunlary, kadalary we düzgünleri boýunça seminar geçirildi. Seminaryň işine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriniň we edaralarynyň, GHGÝHF-nyň, BMG-nyň Türkmenistanda akkreditasiýa geçen agentlikleriniň wekilleri we TGÝMJ-niň işgärleri işjeň gatnaşdylar.
     Daşary ýurt ekspertleri hökmünde, GHGÝHF-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Jagannat Çapagan, GHGÝHF-niň kanunçylyk teklipler boýunça utgaşdyryjysy Izabel Greýnjer we Baýarmaa Luntan GHGÝHF-nyň Mekezi Aziýa boýunça Wekilliginiň başlygy çagyryldy.
   Seminaryň başynda,  GHGÝHF-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Jagannat Çapagan, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Baş direktory Gülnabat Döwletowa we Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky Komitetiniň agzasy Nury Kömekow gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
    Seminaryň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Goranmak ministrliginiň, BMG-nyň  Türkmenistandaky wekilliginiň, TGÝMJ-niň we  Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň wekilleriniň prezentasiýalary diňlendi.
    Seminaryň gidişinde“Adatdan daşary ýagdaýlarda halkara kömegini bermek boýunça” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň bölümlerine we düzümine jikme-jik seredildi. GHGÝHF-nyň halkara kömegi, şol sanda  ynsanperwerlik kömegi bermekligi utgaşdyrmaklygyň halkara ulgamyna degişli  soraglar ara alyp maslahatlaşyldy.
    Bu Kanunyň her bir ýurtda kabul edilmeginiň zerurlygy dünýä jemgyýetçiliginde hiç hili şubhe goýmaýar. Milli kanunçylyk namalaryň bolmazlygy halkara kömeginiň berilmegine päsgelçilik döredýär. Bu babatda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy tarapyndan işlenip düzülen, “ IDRL barlag sanawy”, «ADÝ-da yurduň içinde goldaw bermek, halkara kömegini kadalaşdyrmak we dikeldiş işlerini geçirmekde komek bermek boýunça Gollanma giriş”, “Heläkçiliklerde we tebigy hadysalarda halkara kömegini bermekligi kadalaşdyrmakda we ilkinji dikeldiş işlerinde gollamak barada Adatdan daşary umumy  Karar”, şol sanda “Heläkçiliklerde we tebigy hadysalarda halkara kömegini bermekligi kadalaşdyrmakda we ilkinji dikeldiş işlerinde gollamak barada Adatdan daşary umumy kanun” gollanma hökmünde teklip edildi.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Oktyabr 2019
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
3125250
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
693
1849
36717
70413
3125250

Siziň IP: 3.227.249.234
2019-10-17
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi