BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz tarapyndan kabul edilýän Kararlardyr Permanlar ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli günleriň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 1-nji sentýabryndan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreler toplumyna badalga berilmegi hem halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip geçirilýän işleriň bimöçberdigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyzyň ahlak taýdan arassa, sagdyn pikirli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ähli amatlyklary bolan, dünýäniň öňde baryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdeplerdir, çagalar baglarynyň, dynç alyş merkezleriniň ajaýyp binalarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi hem ýaşlar barada edilýän aladalaryň örän uludygynyň mysalydyr. Bu ajaýyp binalar görenleriň kalbynda buýsanç duýgularyny döredip,  halkymyzyň ýagty ertirlere bolan ynamyny artdyrýar. Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, 2019-njy ýylyň iýul aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri hem, ýaşlaryň arasynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, welaýatyň “Bagtyýar nesil” dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ýol hereketiniň kadalary barada okuw sapaklary geçirildi. Meýletinçiler okuw sapagy TGÝMJ-niň ýol hereketiniň düzgünleri boýunça gollanmalardan peýdalandylar. Geçirilen okuw sapagyň dowamynda çagalara köçäniň çatrygynda goýlan «Pyýadageçelge» diýen ýol belgisi bolan ýerlerde ünsli bolmagyň hökmanydygy, ýol belgileri barada giňişleýin gürrüňler berdiler. Meýletinçiler okuwçylara geçirilen mowzuk boýunça oýunlar, toparalaryň arasynda bäsleşikler gurnadylar. Şeýle çäreleriň geçirilmeginiň baş maksady, mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmeklerini gazanmakdan, ulag hadysalary sebäpli bolýan şikes almalaryň öňüni almakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda giň gerimde geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işler halkymyzyň bagtyýar geljege bolan ynamyny berkidýär.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
3228299
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
316
1843
22804
57656
3228299

Siziň IP: 3.229.122.219
2019-12-11
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi