BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.  
   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi 2019-njy ýylyň 24-25-nji iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň UNISEF Çagalar Gaznasynyň goldamagynda “Türkmenistanda çagalaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meselesi üçin, mugallymlaryň bilimlerini ýokarlandyrmak”  mowzugy boýunça Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde taslamanyň hereket edýän 10 sany mekdepleriň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda 2 günlük okuw çäresi geçirildi. Bu geçirilen okuw çäresine Birleşen Milletler Guramasynyň UNISEF Çagalar Gaznasynyň wekilleri Waleriýa Danilçenko we Marina Haýkin hem gatnaşdylar.  Gatnaşyjylar 2018-2019-njy okuw ýylynda, okuw meýilnamasyna girizilen “Howany üýtgemegi, daşky gurşaw we energiýa” mowzugy boýunça geçirilen okuw sapaklaryň netijeleri barada ara alyp maslahatlaşylyp, pikir alyşyldy. Mugallymlar  “Howanyň üýtgemegi” mowzugy boýunça özleriniň taýýarlan gysgaça prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. Daşky gurşawy goramak obahojalyk we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli milli özgertmeler öz içine alýan maksatnamalary ekologiýa ýagdaýy bilen berk bagly bolup, ähli ugurlarda adamlaryň abadan durmuşynyň aýrylmaz şerti bolup durýar, taslamanyň çäginde Daşoguz welaýatynda hereket edýän 10 sany  mekdepde “Ýaşyl mekdep” işçi topary döredildi. Okuwçylar taslama gatnaşmak bilen öz şäheriniň, sebit derejesinde ekologiýa meseleleri bilen we olary çözmekde iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk ädimler edip, daşky gurşawy goramak babatda geçirilýän çäreleri gurnamak hem-de gatnaşmaklyk boýunça ýakyndan tanyşdylar.   
   «Ýaşyl mekdep» işçi toparynyň döredilmeginiň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň daşky gurşawy aýawly saklamaklyk meselelerine suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, ilata ekologiýa bilimini bermek şeýle hem dynç alyş ýerlerinde arassaçylyk kadalaryny ýola goýmaklykdan ybarat bolup durýar.          Okuw çäresiniň netijesinde mekdeplerde Türkmenistanda çagalaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meseleleri boýunça mugallymlaryň bilimleri ýokarlandyrylyp täze usullar bilen interaktiw, audio we wideo maglumat resurlaryny ulanmaklyk gazanyldy.    

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
2989317
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
285
3370
47819
73926
2989317

Siziň IP: 34.238.189.171
2019-08-20
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi