2019-njy ýylyň 20-22-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gurnan “Saglyk-2019” atly halkara sergisine Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem, öz ýeten sepgitleri we ustünlikleri bilen gatnaşdy. TGÝMJ-i özüniň alyp barýan adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy hadysalarda özüňi alyp barmagyň endikleri we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini ilata öwretmek ýaly mowzuklar boýunça geçirýän işlerini görkezmek bilen, köpçülikde uly gyzyklanma döretdi. Sergä gelen köp sanly lukmanlar, TGÝMJ-i tarapyndan taýýarlanan dürli maglumat serişdeleriniň örän täsirli çap edilendigini belläp geçdiler.  
     Şol sanda, TGÝMJ-niň garamagyndaky “Aragatnaşykgurnama” gurnama kärhanasy hem, sergä öz alyp barýan iş ugurlary bilen gatnaşdy. Bu kärhana tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sargydy esasynda ýurdumyza getirilen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary, tikinçilik ussahanasynyň öndürýän lukmançylyk egin-eşikleri köpçüligiň ünsüni özüne çekdi we sergä gatnaşan köp sanly daşary ýurt kompaniýalarda uly gyzyklanma döretdi.