Bu gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň 93 ýyllyk toýuny toýlady.  Aşgabat şäherinde we welaýatlarda TGÝMJ-niň işgärleri we meýletinçileri agzalaryň arasynda duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda Jemgyýetiň işgärleri alyp barylýan iş ugurlary we soňky ýyllarda ýetilen sepgitler barada çykyş etdiler. Jemgyýetiň ilata berýän ynsanperwerlik kömegi, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk ugurlary boýunça sorag-jogap alyşyldy. Çykyşlaryň dowamynda TGÝMJ-niň işine döwlet edaralarynyň we  telekeçileriň berýän ýardamlary, goldawlary aýratynlykda bellenip geçildi. Soňky ýyllarda TGÝMJ-i ilata berilýän kömegiň hiline has uly üns berýär we bu boýunça Jemgyýetiň mümkinçilikleri giňeldilýär. Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk ugry boýunça Jemgyýet degişli döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäkleri ýaýbaňlandyrýar. Häzirki wagtda Jemgyýetiň ammarlarynda adatdan daşary ýagdaýlar üçin ätiýaçlyk gorlary doly jemlenen. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň düzüm bölekleri we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäkleri giňeldildi. Soňky ýyllarda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň Sebitleýin duşuşyklarynda TGÝMJ-i kabul ediji Jemgyýet ornunda çykyş etdi. Bu we beýleki maglumatlary agzalaryň dykgatyna ýetirmek bilen bir hatarda agzalar, edaranyň ýakynda meýilleşdirýän işleri bilen tanyşdyryldy. Duşuşyklaryň soňunda estrada aýdymçylarynyň we folklýor ansabmllaryň çykyşlary gurnaldy.