BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



      Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň ikitaraplaýyn duşuşygy iki döwletiň syýasy, ykdysadyýet, bilim we beýleki ugurlarda ýapon-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkde ýaýbaňlanmagyna uly badalga berdi. Ýaponiýa oba hojalyk boýunça hyzmatdaşlygyň netijesinde  “Otuň köki – adam howpsuzlygy goraýan pul üpjünçiligi hyzmatdaşlygy” atly meýilnama durmuşa geçirilýär. Bu meýilnamanyň çäginde hem  “Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdebinde çäklendirilen mümkinçilikli çagalaryň oba-hojalyk okuwy üçin şitilhananyň gurluşygy” atly taslamasy amala aşyrylýar.
     2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen özara ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýan “Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdebinde çäklendirilen mümkinçilikli çagalaryň oba-hojalyk okuwy üçin şitilhananyň gurluşygy boýunça” taslamasynyň çäginde gurulan şitilhananyň gurluşygy tamamlandy we çäklendirilen mümkinçilikli çagalara dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyryldy. Şitilhananyň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi  Katsumata Takahiko we Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň syýasy  we ykdysady meseleler boýunça seljeriji Ataşesi Oku Masahiro, Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenbaşy şäher häkimliginiň, Türkmenbaşy şäheriniň bilim bölüminiň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Şitilhananyň çäginde hünär aljak ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçylary bu dabara öz aýdym sazly sowgatlary bilen geldiler.
     Ýaponiýanyň Türkmenstandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi  Katsumata Takahiko öz çykyşynda “Bu gurlan ýyladyşhana ähmiýetli işläp, köpsanly okuwçylar tarapyndan ulanylyp, oba hojalyk tejribeliginiň üsti bilen gazanylan endikler bolsa mundan soňdaky durmuşda kömek eder diýip ýürekden ynanýarys. Ýaponiýa dost hökmünde size hemişe öz goldawyny berip durar” diýip, nygtap geçdi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyul 2019
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 31 1 2 3 4
2903936
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
51
2107
36364
69859
2903936

Siziň IP: 18.232.99.123
2019-07-17
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi