Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen “Bagtyýar nesil” atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ýylyň ähli paslynda çagalaryň dynç alyş günlerini şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edýär. Bu ýerde ýaş nesliň dynç almak bilen bir hatarda dürli gurnaklara gatnamaklary, sport bilen meşgullanmaklary we wagtlaryny manyly we täsirli geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen.
Golaýda “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan ýaşlaryň arasynda TGÝMJ-nyň Daşoguz welaýat bölüminiň, Raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň we welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bilelikde guramagynda çäre geçirildi. Bu çärede ýurdumyz boýunça Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda raýat goranyşyny üpjün etmek, olary her hili tebigy we tehnogen hadysalaryň täsirinden goramak bilen bagly täsirli gürrüňler edildi.
Aýratyn hem TGÝMJ-nyň welaýat bölüminiň Adatdan daşary ýagdaýlarda dolandyrmak bölümçesiniň müdiri Orazmyrat Orazmedowyň we welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleriniň beren täsirli gürrüňlerinde tebigy hadysalar bolan ýagdaýynda adam saglygy üçin zerur bolan ilkinji kömegiň dogry berilmegiň düzgünleri dürli görkezme esbaplaryň üsti bilen görkezildi.