BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ileri tutýan iş ugurlarynyň biri bolan Adatdan daşary ýagdaýlarda dolandyrmak işi boýunça, adatdan daşary ýagdaýlarda adamlara kömek etmek we bu ýagdaýlarda özüni alyp barmagyň düzgünlerini ilata öwretmek ýaly örän wajyp hem ýokary ynsanperwerlik işleri alyp barýar.
     2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-ne TGÝMJ-niň “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasynyň çäginde, Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Döwlet Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň wekilleriniň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher Raýat goranyş we Halas ediş işleri müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda, Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 109-njy harbylaşdyrylan bölüminde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda we ýangynda, howpsuzlyk boýunça okuw-türgenleşik çäresi geçirildi. Çärede, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ýangyn dörände howpuny peseltmek, adamlary halas etmek düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Güniň ikinji ýarymynda simulýasiýa türgenleşikleri geçirildi. Türgenleşigiň dowamynda Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda TGÝMJ-niň we döwlet edaralarynyň bilelikde geçirmeli işleri tejribede işlenildi.  Şeýle hem,  çäräniň dowamynda Türkmenistanda bolup biläýjek adatdan daşary ýagdaýlarda ulanýan enjamlar, gurallar bilen tanyşyldy, wideo roliklere syn edildi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Oktyabr 2019
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
3125263
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
706
1849
36730
70413
3125263

Siziň IP: 3.227.249.234
2019-10-17
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi