BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



    2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 26-28-i aralygynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa döwletleriniň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirdi.
    Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylary, şol sanda, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Ýewropa Sebiti boýunça ýolbaşçysy (GHGÝHF), GHGÝHF-nyň Merkezi Aziýa boýunça wekili we GHGÝHF-nyň guramaçylyk ösüşi we kuwwatyny berkitmek soraglary boýunça utgaşdyryjysy gatnaşdylar. «Aşgabat» myhmanhanasynda geçen bu duşuşykda sebitdäki Milli jemgyýetler üçin has wajyp: guramaçylyk kuwwatyny berkitmek we Milli jemgyýetleriň maliýe durnuklylygyny döretmek ýaly soraglar ara alyp maslahatlaşyldy.
    Duşuşygyň esasy maksatlarynyň biri hem, Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň arasynda tejribe alyşmak bolup, ol sebitde güýçli Milli jemgyýetleri döretmek meselesine degişlidir. Bu meselede, TGÝMJ-niň ýolbaşçylary myhmanlary Milli jemgyýetiň soňky ýyllarda ýeten sepgitleri, şol sanda maliýe durnuklylygyny gazanmaklyk we kuwwatyny berkitmeklik üçin geçirilýän beýleki çäreler bilen tanyşdyrdylar. Bu maksat bilen, duşuşygyň gün tertibine, TGÝMJ-niň girdeýji getirýän taslamalaryna baryp görmeklik goşuldy.
   Biziň Watanymyzda geçirilen bu duşuşykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylary we GHGÝHF-nyň wezipeli işgärleri, Berkarar ýurdumyzyň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň parasatly syýasaty netijesinde, has-da güýçli depginler bilen ösýän Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň netijeli işleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
    Bu geçirilen duşuşyk, gelejekde sebitde Milli jemgyýetleriň we GHGÝHF-nyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge ýardam berer.             


 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2018
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
2316255
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1495
4179
48265
103875
2316255

Siziň IP: 34.228.30.69
2018-12-14
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi