2018-nji ýylyň 01-06 oktýabry aralygynda Ispaniýanyň Gyzyl Hajynyň wekili Bueso Izkuerdo Patrisiýa we Gyrgyzstan Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekili Aýsulu Kangeldiýewanyň Türkmenistanа iş sapary bilen geldiler. Iş saparynyň maksady Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçiler bilen geçirilýän işleri bilen tanyşmak we netijede Merkezi Aziýa döwletleriniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetlerinde meýletinçileriň işlerini dolandyrmak boýunça sebitleýin konsepsiýasyny işläp düzmek. Iş sapary döwründe myhmanlar bu konsepsiýanyň esasy maksady bilen TGÝMJ-niň ýolbaşçylaryny we işgärlerini tanyşdyrdylar. Soňra, TGÝMJ-niň meýletinçilige degişli ähli resminamalary bilelikde seljerildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine merkezi edarasynda 2-nji okyýabrda we 3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminde myhmanlar Jemgyýetiň işgärleri we meýletinçileri bilen duşuşyklarа gatnaşyp sorag-jogap alyşdylar. Geçirilen duşuşyklarda TGÝMJ-niň meýletinçileri Jemgyýetiň dürli ugurlary boýunça ýardamçy wezipesini ýerine ýetirýändiklerini belläp geçdiler. Şol sanda, dürli ýaşlardaky meýletinçiler TGÝMJ-niň meýletinçilik boýunça resminamalary bilen tanyşdyklaryny aýdyp, TGÝMJ-niň Merkezi geňeşinde meýletinçileriň wekiliniň agza hökmünde gatnaşýandygyny we meýletinçilere degişli köp soraglarda meýletinçileriň pikirini ýetirmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýratyn belläp geçdiler.
Myhmanlar saparyň dowamynda diňe meýletinçilik hereketi bilen däl-de, eýsem TGÝMJ-niň tikinçilik ussahanasynyň işi we ol ýerde tälim alýan ýaşlar bilen tanyşdylar. Jemgyýetiň ýene bir iş ugry bolan, ilaty agzalyga çekmek boýunça geçirilýän işler olarda uly täsir galdyrdy.