Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak bölüminiň müdiri G.Gadamow 2018-nji ýylyň iýun aýynyň 18-i 24-i aralygynda Italiýanyň Solferino şäherinde geçirilen “Adatdan daşary ýagdaýlaryň howpuny peseltmek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak” atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Bu okuw maslahadyna dünýäniň dürli künjeklerinden meýletinçiler we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahaty döwründe indiki ugurlar boýunça okuwlary geçirildi: adatdan daşary ýagdaýlarda ilatyň mümkinçiliklerine we gowşaklygyna baha bermek, adatdan daşary ýagdaýlarda we howanyň üýtgemegi zerarly betbagtçylyklarda kömek bermek boýunça beýleki döwletleriň netijeli tejribesi, howanyň uýtgemegi we mitigatiýa, howanyň uýtgemegi we uýgunlaşma, maşgalalary adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy öwretmek, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň gelejegi we meýilnamalary, “Adatdan daşary ýagdaýlara töwekgelçilik peseltmek boýunça okatmak we habarlylygyny artdyrmak” gollanmasy bilen tanyşyldy.
Şeýle-hem okuw maslahatynyň dowamynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň başlan taryhy şäheri bolan Solferino şäherindäki muzeýe syýahat edildi we halkara ýarmarkasyna gatnaşyldy.