Sagdyn we ruhy taýdan güýçli çagalary terbiýelemek üçin ähli şertleri döretmek meselesini Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti özüniň üns merkezinde saklaýar. Bu gün ýurdumyzda häzirki zaman trenažor zaly, meýdançaly, basseýin we ş.m. bilen üpjün edilen okuw merkezleri we sport toplumlary gurulyp ulanmaga berilýär. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde çagalaryň işjeň dynç almagy üçin ähli şertler döredilen. Uly adamlaryň, ata-eneleriň ünsüni ösüp gelýän nesli terbiýelemäge gönükdirilen dürli çäreler gurnalyp geçirilýär.
     Her ýylyň 1-nji iýuny Türkmеnistanda Bütindünýä Halkara çagalary goramak güni giňden bellenilýär. Göz-guwanjymyz, ýagty ertirimiz bolan çagalaryň baýramçylygy her bir ata-ene üçin şatlykly baýramdyr. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem bu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalaryň arasynda baýramçylyk çärelerini geçirdiler. Şol sanda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň işgärleri we meýletinçileri bu gün, Aşgabat şäheriniň saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda terbiýelenýän, okaýan çagalara we Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň “Çaga gematologiýa ylmy kliniki bölüminde”, “Çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölüminde”, Gaýrygoýulmasyz tiz kömek merkeziniň bölümlerinde bejergi alýan çagalara sowgatlar gowşurdylar we olar bilen gyzykly öwrediji oýunlary geçirdiler.
     Aşgabat şäheriniň “Aşgabat” seýilgähinde bolsa, ýurdumyzyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda TGÝMJ-ti seýilhähe gelen çagalar üçin konsert programmasyny, gurjak oýunlaryny görkezdiler we olar bilen dürli öwrediji oýunlaryny geçirdiler. Çäräniň soňunda oýuna gatnaşan çagalara Jemgyýet tarapyndan sowgatlar gowşuryldy, süýji-nygmatlar paýlandy.