Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň maliýe durnuklylygyny gazanmak üçin dürli iş ugurlaryny amala aşyrýar. Jemgyýet, döwlet derejesinde geçirilýän dürli çärelerde mynasyp çykyş etmek bilen özüniň alyp barýan giň möçberli işlerini hyzmatdaşlaryň dykgatyna ýetirýär. 2018-nji ýylyň 24-25-nji maýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Aşgabadyň “Aragatnaşykgurnama” gurnama kärhanasynyň tikinçilik ussahanasy öz önümleri bilen Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynyň sergiler zalynda gurnalan “Ak şäherim Aşgabat” atly sergisine gatnaşdy. Tikinçilik ussahanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen we taýýarlanan türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslarynyň täze dizaýnlary sergä gelenleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Gurluşykçylar üçin ýörite iş eşiklerini hem-de türkmen milli lybaslaryny satyn almak üçin daşary ýurt edaralaryndan we ýerli edara-kärhanalardan sargytlar gelip gowuşdy. Işleri ýerine ýetirmek üçin özara ylalaşyklar baglaşyldy.
Serginiň jemleýji ýygnagynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýörite diploma mynasyp boldy.