Hormatly Prezidentimiziň saýasynda işlenip düzülen we netijeli durmuşa ornaşdyrylan ”Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde temmäkä garşy işler döwlet derejesinde ýola goýlup temmäkä garşy göreşmek boýunça çäreler geçirilýär.
     2018-nji ýylyň 1-31 maý aralygynda temmäkä garşy göreşmek güni boýunça geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda giň gerimli wagyz nesihat çäreleri,ylmy amaly maslahatlar, tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikler geçiriler. 2018-nji 1-nji maýynda Aşgabat şäheriniň “Aşgabat” seýilgähinde köpçülikleýin medeni wagyz –nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan ýaşlaryň arasynda çilimiň adamyň bedenine ýetirýän zyýany barada wagyz-nesihat işleri hem geçirildi we çagalaryň arasynda sport ýaryşy gurnaldy. Tapawutly çykyş eden çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
    Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgeleri öňe sürüp, okamak, işlemek, döretmek, ylym bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Her bir adam öz saglygyna paýhasly çemeleşip, ýaramaz endiklerden daşda dursa ömrüne ömür goşular.