BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



    2018-nji ýylyň oktýabr aýynda TGÝMJ-niň “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasynyň utgaşdyryjysy Mollaýew Guwanç we TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça hünärmeni Babaýew Myradyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Kerki we Döwletli etraplarynyň her birinde TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri we meýletinçileri, etraplaryň mugallymlary, etrap Häkimlikleriniň, etrap Polisiýa bölüminiň, Ýangyn howpsuzlyk müdirlikleriniň, Raýat goraýyş we halas ediş müdirlikleriniň we etrap Saglygy goraýyş wekilleriniň gatnaşmagynda bileleşikleriň agzalary üçin lukmandan deslapky ilkinji kömek boýunça türgenleşik okuw çäreleri geçirildi.
      Çäreleriň 1-nji güni Ýewropa standartlary boýunça ýol hadysalarynda adatdan daşary we tebigy betbagtçylyk ýagdaýlarda adamlara lukmandan deslapky ilkinji kömegini bermek boýunça okuw geçirildi. Çäräniň 2-nji güni amaly türgenleşigi geçirildi, ýangyn dörände heläk çeken adamlara dessine berilýan lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligi tejribede öwredildi, ýorite wideo roliklar görkezildi.
      Alnan bilimler diňleýjilere gelejekde dürli adatdan daşary ýagdaýlarda tiz kömek gelýänçä ejir çeken adama netijeli kömek berip olaryň janyny halas etmäge mümkinçilik berer.
Okuwlara gatnaşan soňky synaglarda 65 baldan ýokary baha alan gatnaşyjylar okuwlary doly özleşdirdi diýip hasap edilýär. Bu diňleýjilere  güwänama berildi.
Diňleýjiler geçirilen okuw çäreleriniň wajypdygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Noyabr 2018
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 1 2
2233453
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2582
3622
69338
120418
2233453

Siziň IP: 54.163.20.57
2018-11-20
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi