BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



     2018-nji ýylyň 01-06 oktýabry aralygynda Ispaniýanyň Gyzyl Hajynyň wekili Bueso Izkuerdo Patrisiýa we Gyrgyzstan Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekili Aýsulu Kangeldiýewanyň Türkmenistanа iş sapary bilen geldiler. Iş saparynyň maksady Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçiler bilen geçirilýän işleri bilen tanyşmak we netijede Merkezi Aziýa döwletleriniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetlerinde meýletinçileriň işlerini dolandyrmak boýunça sebitleýin konsepsiýasyny işläp düzmek. Iş sapary döwründe myhmanlar bu konsepsiýanyň esasy maksady bilen TGÝMJ-niň ýolbaşçylaryny we işgärlerini tanyşdyrdylar.  Soňra, TGÝMJ-niň meýletinçilige degişli ähli resminamalary bilelikde seljerildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine merkezi edarasynda 2-nji okyýabrda we 3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminde myhmanlar Jemgyýetiň işgärleri we meýletinçileri bilen  duşuşyklarа gatnaşyp sorag-jogap alyşdylar. Geçirilen duşuşyklarda TGÝMJ-niň meýletinçileri Jemgyýetiň dürli ugurlary boýunça ýardamçy wezipesini ýerine ýetirýändiklerini belläp geçdiler.  Şol sanda, dürli ýaşlardaky meýletinçiler TGÝMJ-niň meýletinçilik boýunça resminamalary bilen tanyşdyklaryny aýdyp, TGÝMJ-niň Merkezi geňeşinde meýletinçileriň wekiliniň agza hökmünde gatnaşýandygyny we meýletinçilere degişli köp soraglarda meýletinçileriň pikirini ýetirmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýratyn belläp geçdiler.
      Myhmanlar saparyň dowamynda diňe meýletinçilik hereketi bilen däl-de, eýsem TGÝMJ-niň tikinçilik ussahanasynyň işi we ol ýerde tälim alýan ýaşlar bilen tanyşdylar. Jemgyýetiň ýene bir iş ugry bolan, ilaty agzalyga çekmek boýunça geçirilýän işler olarda uly täsir galdyrdy.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2018
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
2316280
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1520
4179
48290
103875
2316280

Siziň IP: 34.228.30.69
2018-12-14
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi