Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzda Ýaşulularyň halkara güni dabaraly bellenilýär. Bu däbiň bellenilip geçilmegi-de, gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly adamlaryň ýagdaýyna jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda tutuş dünýä ýüzünde her ýyl bellenip geçilýän bu baýramçylyk milli senenamamyzda mynasyp orun eýeleýär.
Ýaşulularyň halkara gününi Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem, A. Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde dabaraly belläp geçildi. Dabaraly bellenilip geçirilen çärede hormatly Il ýaşululary, mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. Çärede ýaşulular çykyş edip, watansöýüjilik, ruhubelentlik ýaly häsiýetler her bir adamyň durmuşynda wajyp ornunyň bardygyny belläp geçdiler. Çärede aýdymçylar we “Ýaşlyk” folklor topary çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda hormatly ýaşululara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.